«TÜRKMENISTAN–PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY» , «MEDENI-YNSANPERWER ÖSÜŞ WE DÖWLET SYÝASATY» ATLY SERGI


«TÜRKMENISTAN–PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY», «MEDENI-YNSANPERWER ÖSÜŞ WE DÖWLET SYÝASATY» ATLY SERGI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi tarapyndan «Hoş geldiň, täze ýyl» atly mowzuklaýyn hem-de «Türkmenistan–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany», «Medeni-ynsanperwer ösüş we döwlet syýasaty» atly hemişelik sergi guraldy.

Hormatly Prezidentimiz «Biziň halkymyz kitaphon halk. Kitap okalyp, onuň mazmuny köpçülige ýetirilensoň, ol ruhy baýlyga öwrülýär. Kitapdan okalan, öwrenilen gymmatly bilimler hem terbiýäniň üsti bilen geljekki ýaşlara geçirilýär» diýip belleýär. (//Berdimhamedow S. Ýaşlar–Watanyň daýanjy.–A.:Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2023. Sah.8-9.)

Sergi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň eserleri, şeýle-de Döwlet kitaphanasynyň baý kitap hazynasynda bar bolan sungat ussatlaryna bagyşlanyp ýazylan gollanmalar hem-de kitaplar bilen guraldy.

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen gülleýän medeniýetimiz bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň parahatçylygy, abadançylygy, halkymyzyň bagtyýarlygy öz beýanyny tapýar. Şular ýaly ajaýyp zamanany peşgeş beren we ony parasatly dolandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.