AK ARZUWLY, TÄZE ÝYL
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda Arkadag şäheriniň baş arçasynda «Ak arzuwly täze ýyl» ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň toý-baýramlara beslenýän günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler, şeýle-de döwlet derejesindäki milli baýramçylyklarymyz, şanly senelerimiz, türkmen halkyny bir supranyň başyna jemleýändigini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň täze ýyl baýramçylygyny ýagşy arzuw-niýetlere besläp garşylaýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda çagalaryň Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlan ajaýyp çykyşlary, Aýazbabadyr, Garpamyk barada aýdan goşgulary, täsirli gürrüňleri şatlyk-şowhuna eýe boldy.
Çäräniň ahyrynda 2025-nji ýyl mähriban halkymyza, döwletimize, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza rowaçlyklar, üstünlikler getirmegini arzuw etdiler.