MAGTYMGULY PYRAGY HEM-DE MEDENI WE EDEBI MIRAS


MAGTYMGULY PYRAGY HEM-DE MEDENI WE EDEBI MIRAS

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Magtymguly Pyragy hem-de medeni we edebi miras» atly göçme sergi gurady.

Bu göçme sergide Türkmeniň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň eserleri, 2024-nji «Pähim paýhas ummany-Magtymguly Pyragy» ýylymyza bagyşlap akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň kitaplary, şeýle-de Döwlet kitaphanasynyň baý kitap hazynasynda bar bolan sungat ussatlaryna bagyşlanyp ýazylan gollanmalar hem-de kitaplar bilen guraldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz: «Bu günki gün adamzat türkmen halkynyň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň hatyrasyny belentde tutup, beýik söz ussadynyň şygyrlaryndan elýetmez ylham, ruhy güýç alýar» diýip belläp geçýär.

Sergä gatnaşyjy talyplar we mugallymlar bize ajaýyp durmuşy bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli beýik işleriniň, täze başlangyçlarynyň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.