ÝAŞ ZEHINLER-WATANYŇ GUWANJY


ÝAŞ ZEHINLER-WATANYŇ GUWANJY

Paýtagtymyzda Gulbaba adyndaky çagalar baýragyna mynasyp bolanlar sylaglanyldy

4-nji ýanwarda her ýyl gyşky dynç alyş günlerinde paýtagtymyzda ýurdumyzyň ähli künjeklerinden çagalaryň gatnaşmagynda Täze ýyl dabaralarynyň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Şu gün Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda Gulbaba adyndaky çagalar baýragyna mynasyp bolanlary sylaglamak dabarasy geçirildi.

Umumy milli we halkara derejede geçirilýän çagalar bäsleşikleridir festiwallary ösüp gelýän ýaş nesliň döredijilik başarnyklaryny ýüze çykarmaga we goldamaga, sungatyň dürli görnüşlerine höweslerini artdyrmaga, milli medeniýetimiziň däpleriniň dowamatlylygyny üpjün etmäge ýardam berýär. Islendik bäsleşik synaglar we başlangyçlar, batyrgaý gözlegler üçin giň meýdança döredýär, çagalary öz zehinlerini açmaga höweslendirýär.

«Türkmenistan» gazeti