ADY DÜNÝÄ DOLAN BEÝIK PYRAGY


ADY DÜNÝÄ DOLAN BEÝIK PYRAGY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynda «Ady dünýä dolan beýik Pyragy» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň terbiýeçilik ähmiýetli şygyrlary barada täsirli gürrüňler edildi hem-de göçme kitap sergisi gurnaldy. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplary hem-de Gündogaryň beýik söz ussady, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlar ýygyndylary, teatr sungatyna degişli kitaplar we beýleki neşirler ýerleşdirildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda nusgawy şahyrlarymyzyň ömri we döredijiligini has giňişleýin öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.