TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
7-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stanislaw Çepurnoýy kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny, şeýle-de däp bolan dostlukly döwletara dialoga ygrarlylyk baradaky sözlerini ýetirdi.
Döwlet Baştutanymyz belarus Liderine mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, Stanislaw Çepurnoýy jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Belarusuň doly ygtyýarly wekiliniň öz wezipesini ýerine ýetirýän döwründe iki taraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi.
«Türkmenistan» gazeti