HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «MAGTYMGULY–DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY» ATLY TÄZE ÝAZAN KITABYNY KITAP SÖÝÜJILER BILEN TANYŞDYRMAK


HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «MAGTYMGULY–DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY» ATLY TÄZE ÝAZAN KITABYNY KITAP SÖÝÜJILER BILEN TANYŞDYRMAK

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy bilen «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze ýazan eseri «Magtymguly–dünýäniň akyldary» atly kitabynyň giň okyjylar köpçüligine gelip gowuşmagy mynasybetli söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda bu ajaýyp kitabyň many-mazmuny, bölümleriň aýratynlygy barada täsirli gürrüňler edildi. Kitaphanaçylarymyz üç dilde (türkmen, rus, iňlis dillerinde) aýratyn kitaplar görnüşinde neşir edilen ajaýyp kitaby çagalar kitaphanamyz giň okyjylar köpçüligi bilen tanyşdyryş dabaralarynyň ýene-de dowam etdiriljekligi barada hem uly höwes bilen aýtdylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda gyzyldan gymmatly eserleri döredip, halkymyza sowgat edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.