Türkmenistanda syýahatçylyk hyzmatlaryny ösdürmegiň esasy ugurlary
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda milli maksatlary we bähbitleri nazara almak bilen, syýahatçylygyň, şol sanda halkara syýahatçylygyň hem, ösmegine aýratyn üns berilýär.
Ýurtda dynç alşyň we syýahatçylygyň berkden-berk binýadynyň tutulmagy döwletiň durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Munuň üçin ähli deslapky zerur şertler, ýagny häzirki zaman gözel şäherler, köp sanly taryhy we medeni ýadygärlikler, gaýtalanmajak keşpdäki dürli tebigy künjekler we şypa beriji howaly zolaklar bar.
Syýahatçylygy ösdüriş strategiýasynyň baş maksady Türkmenistanda ýokary netijeli we bäsdeşlige ukyply syýahatçylyk toplumynyň döredilmegi bolup durýar. Munuň özi, bir tarapdan, ýerli ilatyň we daşary ýurtlardan gelen adamlaryň syýahatçylyk hyzmatlaryna bolan işlegleriniň kanagatlandyrylmagyny, beýleki bir tarapdan – milli ykdysadyýetiň ösüşine goşant goşulmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Syýahatçylyk ykdysadyýetiň düşewüntli pudaklarynyň birine öwrüldi. Munuň üçin ähli zerur şertler döredildi, dünýä derejesindäki amatly myhmanhanalar guruldy, daşary ýurt syýahatçylyk kärhanalar bilen şertnamalar baglaşyldy, gadymy Nusaýa, Merwe, Köneürgenje, Köpetdagyň, Köýtendagyň we Garagum sährasynyň özboluşly ajaýyp ýerlerine syýahatçylyk ugurlary açylýar.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça, Maşat-Misseriana, Sarahsa täze syýahatçylyk ugurlarynyň açylmagy göz öňünde tutulýar. Hazar deňziniň kenar ýakasynda milli kurort-syýahatçylyk zolagyny ösdürmek maksatnamasy durmuşa geçirildi.
Tebigatyň barmasy kyn künjeklerine we awçylyk maksady bilen syýahat etmek boýunça halkara derejesindäki isleg öwrenilip, täze syýahatçylyk ugurlarynyň açylmagy daşary ýurt syýahatçylarynyň täze akymlarynyň gelmegine mümkinçilik berýär.
Syýahatçylyk hyzmatlaryny ösdürmegiň esasy ugurlaryna şular girýär:
● dynç alyş infrastrukturasynyň döredilmegi, syýahatçylyk hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagy hem-de bu ýaýrawlarda telekeçiligiň ösdürilmegi;
● sportuň işjeň görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilik berýän syýahatçylyk-sagaldyş işleriniň, syýahatçylyk gezelençleriniň guralmagy, dynç alyş zolaklarynda syýahatçylygyň dürli görnüşleriniň ösdürilmegi;
● ýurduň tebigatynyň seýrek duş gelýän geň-enaýy künjeklerine, binagärlik ýadygärlikleri bar bolan ýerlere syýahatçylyk ugurlarynyň döredilmegi we beýlekiler girýär.