PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝURDUMYZYŇ ÝÖRELGESI
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramagynda «Parahatçylyk we ynanyşmak ýurdumyzyň ýörelgesi» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-parasady, aýdyň maksatly beýik başlangyçlary boýunça ýurdumyzda her ýyla döwrebap we mynasyp şygaryň berilmegi asylly däbe öwrüldi. Täze ýyl jemgyýetimiz, döwletimiz üçin belent sepgitleriň, iňňän uly taryhy ösüşleriň ýyly boljakdygyna ynanýan halkymyz 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagyna ýürekden buýsanýar. Bu şygar döwletimiziň we jemgyýetimiziň agzybirlik, parahatçylyk hem-de ynanyşmak arkaly belent sepgitleri, beýik ösüşleri gazanýandygyny şöhlelendirýär.
Söhbetdeşligiň ahyrynda goý şeýle buýsandyryjy ösüşler «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda hem dowamly bolsun! Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!