TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GURAMAÇYLYK DÖWLET TOPARYNYŇ MEJLISINI GEÇIRDI
9-njy ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisini geçirdi. Bu topara Türkmenistanyň Halk Maslahaty başlyklyk edýär.
Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, mejlise gatnaşyjylary täze ýyla gadam basylmagy bilen gutlap, ata Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barjak işlerinde üstünlikleri, 2025-nji ýylyň ýurdumyz üçin ösüşlere we rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýylyň«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli öňde duran wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak barada karara gelendigini aýtdy. Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň halkara bileleşigiň jogapkärli agzasy bolmak bilen, parahatçylyk söýüji, oňyn daşary syýasaty alyp barýandygyny, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl-Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini belledi. Bu bolsa dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi goldamakda hem-de berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir.
«Türkmenistan» gazeti