MÖWSÜMLEÝIN KESELLERDEN GORANALYŇ!


MÖWSÜMLEÝIN KESELLERDEN GORANALYŇ!

Gyş paslynyň gelmegi bilen howa sowap başlaýar. Howanyň sowamagy, pasla görä geýinmezlik, bedeniň üşemegi bolsa immunitetiň peselmegine, dürli ýokanç keselleriň ýüze çykmagyna itergi berip bilýär.

Gyşda ýiti respirator ýokançlaryň önüni alyş kadalary berjaý edilmedik ýagdaýlarynda dem alyş ýollarynyň keselleriniň ýüze çykmagyna getirýär.

Bu bolsa ýokançlaryň dem alyş ýollaryna aralaşmagyna we soňra olary zeperlendiriş, keseliň alamatlarynyň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Islendik wirusly ýokançlar, ylaýtada, çagalarda ýerli we umumy immuniteti gowşadýar. Soňa göräde wiruslaryň üstüne bakteriýa ýokançlarynyň goşulmak ähtimallygy ýokarlanýar. Grip, paragrip, rinowirus, adenowirus ýaly wiruslar dümewi, ýiti respirator wirus ýokanç keselleriňi ýüze çykarýar.

Ýiti respirator wirusly ýokanç kesellerde seýle alamatlar ýüze çykýar:

- myşsalaryň agyrmagy;

- ysgynsyzlyk;

- kellagyry;

- käte burnuň ganamagy;

- üşütme;

- bedeniň temperaturasynyň ýokarlanmagy;

- burundan nemli suwuklygyň akmagy;

- 2-3 günden soň gury üsgülewügiň ýüze çykmagy.

Näme etmeli?

Ýiti respirator wirus ýokançlary, esasan, gripiň wirusy örän ýokuşýanlygy sebäpli nä sagdan sagdyn adama tiz ýokuşyp bilýär. Şol sebäpli ilkinji keseliň alamatlary dörände çagalaryn mekdebe, çagalar bagyna gitmeli däldigini we öý şertlerinde ýatymlaýyn, maşgala lukmanynyň maslahaty esasynda bejergi almalydygyny her bir maşgala agzasy bilmelidir.

Bejergide antibiotikleri kabul etmelimi?

Antibiotik derman şerişdeleri diňe bakteriýalara täsir edýänligi sebäpli ýiti respirator wirusly ýokanç kesellerinde olary kabul etmäge zerurlyk ýokdur. Antibiotikler bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny hem peseldýändigini, gözegçiliksiz ulanylanda antibiotiklere durnuklylyk döreýändigini ýatda saklamalydyrys.

Wirusly ýokançda gaýra üzülmeler ýüze çykýarmy?

Wirusly ýokançlarda düýpli bejergi alynmasa bir näçe gaýra üzülmeler duş gelýär. Olara:

- öýken sowuklamasy (pnewmoniýa);

- gaýmorit;

- sinusit;

- otit;

- ýürek-damar ulgamynyň zeperlenmegi (miokarditler). Şeýle-de immune ulgamynyň peselmegi beýleki agzalaryň zeperlenmegine, keselleriň ýüze çykmagyna itergi berýär.