TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
10-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işi barada maglumat berdi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan gelip çykýan esasy düzgünleri göz öňünde tutup, raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny hem-de «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, kazyýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek, administratiw önümçiliginiň kadalary bilen baglanyşykly meseleleri düzgünleşdirmek boýunça birnäçe kodekslere we beýleki kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeleridir goşmaçalary girizmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwrebap kanunlary işläp taýýarlamak babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow statistiki hasabatlylygy Milli hasaplar ulgamynyň kämilleşdirilen görnüşine laýyklykda alyp barmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň statistika ulgamy döwrüň talabyna görä kämilleşdirilýär hem-de bu ugurda halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» statistika ulgamyny Milli hasaplar ulgamynyň kämilleşdirilen görnüşine laýyklykda alyp barmak göz öňünde tutulandyr. Milli hasaplar ulgamynyň kämilleşdirilen görnüşine geçmegiň çäklerinde birnäçe döwlet klassifikatorlary, maliýe, bank we ätiýaçlandyryş işi, ylym, syýahatçylyk bilen bagly hem-de esasy serişdeleriň sarp edilişini hasaplamagyň täze usulyýetleri işlenip taýýarlanyldy we statistika işine ornaşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bu babatda degişli teklip hödürlenildi.
«Türkmenistan» gazeti