«HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK» ÝYLY MYNASYBETLI, SUNGAT ESERLERINIŇ SERGISI GEÇIRILDI
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly mynasybetli, 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň 8-ne Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde, ýurdumyzyň suratkeşleriniň şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň sergisi geçirildi.
Sergide, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary, Sülgün Gurbandurdyýewanyň «Arkadag şäheri, abadançylygyň şäheri», Bahar Mämmetdurdyýewanyň «Arkadag şäheri, gelejegiň şäheri», Günhan Çaryýewiň «Pyragynyň arzuwlan döwri», Mähri Meretdurdyýewanyň «Türkmen toýy», Rejepberdi Muhammedowyň «Watan waspy» we «Arkadagly», Şatlyk Garawowyň «Wepaly alabaý», Tamara Kisilýowanyň «Türkmenbaşydaky port», Gunça Ýazmuhammedowanyň «Kosmosa çenli millilik», Berdisähet Gurbansähedowyň «Süri», Notaliýa Kaluginanyň «Magtymgulyny gören daglar» ýaly eserleri bellenmäge mynasypdyr. Sergide suratkeşleriň 47-den gowrak nakgaş, grafika, gobelen sungat eserleri görkezilýär. Bu sungat eserlerinde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň keşbine we şygryýet älemine bagyşlanan sungat eserleri görkezilýär, hem-de bagtyýar zamanymyzyň waspy, oba durmuşy, eziz Watanymyzyň gözel tebigaty, şöhratly taryhymyz, abadan ýurdumyz, gündelik durmuşyň gyzykly sahnalary mynasyp suratlandyrylýar.
