TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY ARKADAG ŞÄHERINE IŞ SAPARYNY AMALA AŞYRDY
11-nji ýanwarda ir säher bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäherine geldi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän hem-de durky täzelenýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen işleriň depgini barha ýokarlanýar. Bu ýerde durmuş maksatly binalar bilen bir hatarda, önümçilik toplumlarynyň gurluşygynda möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi şäheriň toplumlaýyn esasda ösdürilmegine giň ýol açýar.
«Türkmenistan» gazeti