HAKYDA GÖWHERI MILLI MIRASYŇ BUÝSANJY
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri, we kitaphananyň ýaşajyk okyjylarynyň gatnaşmagynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp täze eseri «Hakyda Göwheri-milli mirasyň buýsanjy» atly kitaby esasynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenlerimiz «Hakyda Göwheri-milli mirasyň buýsanjy» atly bu ajaýyp kitapda merdana halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly ýolunyň, dünýä ösüşine ägirt uly goşandynyň, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleri hakynda taryhy maglumatlar arkaly öwrenmäge giň mümkinçilik döredilen.
Meşhur serkerdeler, şalar, soltanlar, akyldarlar baradaky pikir garaýyşlary şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň bu eserinde Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüniň we döredijiliginiň, agzybir halkymyzyň şöhratly geçmişiniň, türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy barada maglumatlar giňden, täsirli beýan edilendigi hem-de bu gymmatly eser bagtyýar halkymyzyň ýan-kitabyna öwrüljekdigi barada beýan etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň mundan beýläk-de galamynyň ýiti bolmagyny, döredijilik äleminde gadamynyň dowamat-dowam bolmagyny, täze kitabynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edip türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.