AKYLDAR ŞAHYRYŇ DÖREDIJILIGINE SARPA
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Ylham» seýilgähinde «Akyldar şahyryň döredijiligine sarpa» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň akyldar şahyry, nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, ajaýyp şygyrlary ynsan kalbyny ruhlandyrýan, döredijilik mirasy bilen halkyny tutuş ömrüni ene topragyna, halkyna hyzmat etmeklige bagyşlan beýik şahsyýet bolandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de şahyryň eserlerinde mertligi-edermenligi ussatlyk bilen beýan edýän parasatly goşgulary bu gün ýaşlary batyrlyk, gaýduwsyzlyk ruhynda terbiýelemekde uly gollanma bolup durýandygy barada gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen edebiýatyny dünýä ýaýmakda uly işler alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.