MAGTYMGULY-DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY


MAGTYMGULY-DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Mekezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimligi we Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramaklarynda hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly-dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Magtymguly-dünýäniň akyldary» atly täze kitap türkmen halkynyň milli mirasynyň halkara derejesinde wagyz edilmegine möhüm goşant goşmak bilen, Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasynyň häzirki döwürde-de gymmatly we ygtybarly ýolbeletdigini ýene bir gezek äleme aýan edýänligi barada gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen edebiýatyny dünýä ýaýmakda uly işler alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidnetimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.