«Hatyra güni – hakyda güni»


«Hatyra güni – hakyda güni»



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylarynyň arasynda Hatyra güni mynasybetli «Hatyra güni – hakyda güni» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphananyň hünärmenleri gahrymançylygy, gaýduwsyzlygy bilen türkmeniň geçmiş taryhynda öçmejek yz galdyryp giden şahsyýetlerimizi hatyralamagyň, hormatlamagyň halkymyzyň asyrma-asyr aşyp gelýän däp-dessurlarynyň esasy özenidigi barada ýaş nesillere giňişleýin düşündirdiler. Okyjylarymyz hem Hatyra gününe bagyşlanan goşgulary aýdyp berdiler şeýle-de gysgajyk sahnalary janlandyrdylar. Kitaphanamyzda gurnalan «Hatyra güni – hakyda güni» atly sergi çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda taryhymyzda öçmejek yz goýan şahsyýetlerimizi ýatlamaga, hormatlamaga, sylamaga, olaryň Watan üçin, halkymyz üçin bitiren beýik işlerini ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.