HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY


HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasy bilen Bagtyýarlyk medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ady bilen sergi, aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden belleniljek ýyly, 2025-nji ýylyň şygarynyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi çuňňur many–mazmuna eýe bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň rowaçlanmagyny ähli zatdan ileri tutýan hemişelik Bitarap Türkmenistan bütin dünýäde parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň asudalyk, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek babatynda edýän aladalary aýdyň şaýatlyk edilýändigi barada bellediler.

Çäräniň ahyrynda täze taryhy döwürde eziz Diýarymyzy, mähriban halkymyzy röwşen geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.