TÜRKMENISTAN-DÜNÝÄDE PARAHATÇYLYGY DÖREDÝÄN DÖWLET


TÜRKMENISTAN-DÜNÝÄDE PARAHATÇYLYGY DÖREDÝÄN DÖWLET

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi «Türkmenistan-dünýäde parahatçylygy döredýän döwlet» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen Parahatçylygyň bagtyýarlygyň mekany hökmünde at-owazasy äleme dolan ýurdumyzda her ýyly özboluşly, halkymyzyň milli aýratynlygyna, ruhy dünýäsine laýyk, döwrebap şygyr bilen atlandyrmak indi asylly däbe öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda bu günki günde ösüp gelýän ýaş nesillere edebi mirasymyzy öwrenmäge ähli şertler döredilýär. Şol mynasybetli şu gün Döwlet kitaphananyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan «Türkmenistan-dünýäde parahatçylygy döredýän döwlet» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler şu ýylymyzyň şygary barada giňişleýin gürrüň berdiler we söhbetdeşligiň ahyrynda Seýrek neşirler bölüme täze gelen kitaplar barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, ona aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.