TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY MONAKO KNÝAZLYGYNA SAPAR BILEN UGRADY


TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY MONAKO KNÝAZLYGYNA SAPAR BILEN UGRADY

19-njy ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako Knýazlygyna sapar bilen ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeş boldy.

Milli Liderimiz Monako Knýazlygyna sapar bilen barýandygyny, bu ýurduň özüni dünýäde beýleki ugurlar bilen bir hatarda, sport üstünlikleri bilen hem tanadandygyny belledi. 2025-nji ýylda Monako «Dünýäniň sport paýtagty» diýlip yglan edildi. Türkmenistanda bolsa bu ýyl hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň makullamagy esasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyryldy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz sportuň Ýer ýüzünde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakdaky möhüm ornuna ünsi çekdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam edip, 1894-nji ýylda häzirki zaman Olimpiýa oýunlaryny esaslandyran Pýerde Kuberteniň parahatçylygyň, döredijiligiň, ösüşiň, şatlygyň we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, ýeňşe bolan ymtylmanyň nyşany hökmünde «Sport-dünýäň parahatçylygy!» diýen jümlesiniň hemmeleri ruhubelentlige çagyrýandygyny nygtady.

«Türkmenistan» gazeti