KITAPHANA GEZELENÇ


KITAPHANA GEZELENÇ

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen Döwlet Binagärlik-Gurluşyk instituty gezelençde boldylar.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen Döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyplary we mugallymlary gezelençde boldylar, hem-de olar kitaphananyň ähli bölümlerinde alnyp barylýan döwrebap işler bilen tanyşdylar we özlerine gyzyklandyrýan soraglara jogap tapdylar. Bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda,bilim ulgamyny ösdürmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Kitaphana gezelenjiniň ahyrynda talyp ýaşlarymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.