KITAPHANA GEZELENÇ
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti gezelençde boldylar.
Bilim we ylym adamzat üçin müdimi zerurlyk bolan gymmatlykdyr. Ynsan hem gözlemek,gurmak,döretmek,dünýäni has gözelleşdirmek,kämillige tarap ösmek bilen uly abraý-mertebe gazanýandyr. Ynha, şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary we mugallymlary gezelençde boldylar.Olar kitaphananyň ähli bölümlerine aýlanyp , döwrebap işler bilen tanyşdylar we özlerine gyzyklandyrýan soraglaryna jogap tapdylar.