TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY MONAKO KNÝAZLYGYNA SAPAR BILEN UGRADY
20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk ministri Ç.Çetiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda möwsümleýin ideg işleri alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda pagtanyň öndürilýän möçberini artdyrmak baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlarynda tekizleýiş we geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Önüm öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, ýazky oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça işler ýerine ýetirilýär. Ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde sebitiň ekerançylyk meýdanlarynyň daş-töwereginde, suwaryş we şor suw akabalarynda arassaçylyk işleri geçirilýär. Şeýle hem häkim welaýatyň çägindäki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
«Türkmenistan» gazeti