«ÝAŞASYN PARAHAT DURMUŞ!» ATLY KITAP SERGISI
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölüminde «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly kitap sergisi geçirildi.
Taryh sahypalarynda merdana millet hökmünde yz goýan şöhratly pederlerimiziň parahatçylyk ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen täze taryhy döwürde dünýä ýüzünde belent ykrara eýe bolýar. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda halkara giňişlikde şu ýylymyzyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» edilmegi bolsa işjeň daşary syýasatymyzyň parasatly ýörelgelerini nobatdaky gezek ýüze çykarýar. Häzirki döwürde Türkmenistan parahatçylygy döredýän merkez hökmünde tanalýar. Diýmek, halkymyzyň parahatçylyk ýörelgesi milli gymmatlyk hökmünde dünýäde kabul edilýär. Halkymyza mahsus bolan parahatsöýüjilik, agzybirlik, şükranalyk, birek-birege sylaşyk, ýaşulylara hormat goýmak, ýaşlaryň terbiýesine eserdeň garamak, beýleki halklaryň medeniýetine hormat goýmak ýaly milli häsiýetler pederlerimiziň bize goýan, hiç mahal gymmaty egsilmejek mirasydyr.
«Ýaşasyn parahat durmuş!» atly kitap sergisinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary hem-de parahat durmuşymyzy wasp edýän eserler ýerleşdirilip, okyjylarda uly gyzyklanma döretdi.