«KITAPHANA IŞGÄRLERINE KÖMEK» ATLY KITAP SERGISI
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölüminiň kitap tekjelerine ýerleşdirilen «Kitaphana işgärlerine kömek» atly kitap sergisi gurnaldy. Bu sergide ýurdumyzyň taryhyny beýan edýän ylmy kitaplar, nusgawy şahyrlarymyz, ýazyjylarymyz, görnükli alymlarymyz barada ýazylan kitaplar öz mynasyp ornuny tapýar. Bu sergi esasan hem ýaş nesillerimiziň ylym-bilim hem-de aň-düşünjesini ösdürmekde uly ýardam berýär.
Sergä gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýarys.