TÜRKMENISTANDA KANADANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY


TÜRKMENISTANDA KANADANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY

21-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kanadanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kristofer Daggandan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini Türkmenistanda diplomatik wezipä girişmegi bilen gutlap, oňa iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi. Kanadanyň doly ygtyýarly wekili, öz gezeginde, ýurdumyzyň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny, rowaçlyk we gülläp ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda diplomat Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleri bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Şunda Mejlisiň milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işine uly üns berildi. Kanunçylyk ulgamynda tejribe alyşmaga we türkmen-kanada gatnaşyklarynyň ösüşine ýardam bermäge gönükdirilen parlamentara hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri pikir alyşmalaryň aýratyn mazmunyny düzdi. Kris-tofer Dagganyň belleýşi ýaly, Kanada Merkezi Aziýa sebitiniň geljegi uly ýurtlary, şol sanda ajaýyp üstünlikleri gazanýan Türkmenistan bilen köpugurly dialogy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýär.

«Türkmenistan» gazeti