KITAPHANA SYNY


KITAPHANA SYNY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi kitaphana täze gelen metbugat neşirlerinden kitaphana syny geçirildi

Kitaphana synynda çykyş edenler bölüme täze gelip gowşan metbugat neşirlerinden giňişleýin syn berildi. ”Türkmenistan”gazetinde Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny ýokary derejede bellemekde ýaşlary ýurtda alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşup, ýurdumyza uly buýsanç, çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemekde beýik işleriň durmuşa geçiriljek ýyly boljakdygyna tüýs ýürekden ynanýarys.Bu gazetlerde ýerleşdirilen makaladyr,goşgular diňleýjilerde uly täsir galdyrdy. Kitaphana synynda çykyş edenler sözleriniň ahyrynda dünýä edebiýatynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.