HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet binagärlik–gurluşyk institutynyň bilelikde guramagynda 2025-nji ýyl mynasybetli «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ady bilen wagyz–nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyz hem şeýle şanly sene bilen utgaşyp, taryhy wakalara, uly üstünliklere beslenýändigi barada gürrüň berdiler. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň beýik taglymatyny özünde jemleýän «Türkmenistan–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp şygyrynyň il-halkymyzyň ýürek törüni eýeleýändigi, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem ajaýyp şygyrdaky nurana pikirleri durmuş ýüzünde äşgär edýändigi barada buýsançly sözlerini beýan etdiler.
Çäräniň ahyrynda ata Watanymyzy parahatçylyk we ynsanperwerlik ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.