KITAPHANA SYNY


KITAPHANA SYNY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelen neşirlere bagyşlap kitaphana syny geçirildi.

Kitaphana synynda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly–dünýäniň akyldary» atly kitabynyň rus dilinde çap edilen neşiri bilen tanyşdyrdylar. Hormatly Prezidentimiziň bu kitabynda Pyragynyň edebi mirasynyň gymmaty, pähim-paýhasa ýugrulan döredijiliginiň dünýä edebiýatyna, medeniýetine goşan ägirt uly goşandy, ýer ýüzünde parahatçylygy, abadançylygy, dost-doganlygy pugtalandyrmakdaky, hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmekdäki möhüm ähmiýeti barada söz açýan kämil pikir-garaýyşlar bilen birlikde, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileý senesi mynasybetli 2024-nji ýylda geçirilen çäreler hem giňden beýan edilýär diýip, kitaphana synynda çykyş edenler uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

Kitaphana synyna gatnaşyjylar şeýle ajaýyp kitaplary halkymyza peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, dürdäne eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.