TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
22-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onda özara bähbitlilik hem-de deň hukuklylyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän hyzmatdaşlygy mundan beýläkde ilerletmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gahryman Arkadagymyz döwletara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, dostlukly ýurduň Baştutanyny öz adyndan, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň adyndan täze ýyl bilen gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk, üstünlikler baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
«Türkmenistan» gazeti