MAGTYMGULY–DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY


MAGTYMGULY–DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan «Magtymguly–dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary we mugallymlary gatnaşdylar.

Dabarany Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Jemgyýeti öwreniş ylymlary» kafedrasynyň müdiri Gözel Aýnazarowa alyp bardy.

Ilki bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Jemgyýeti öwreniş ylymlary» kafedrasynyň uly mugallymy Annanabat Hojamämmedowa söz berildi. Ol öz çykyşynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan «Magtymguly–dünýäniň akyldary» atly kitabynyň gelip gowuşmagy türkmen halkyny begendirdi buýsandyrdy. Çünki ol ajaýyp eserlerde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza hem-de halkymyza çäksiz söýginiň bardygyny belläp geçdi.

Soňra bolsa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Jemgyýeti öwreniş ylymlary» kafedrasynyň uly mugallymy Gülşirin Oruzowa söz berildi. Ol hem öz gezeginde ajaýyp kitabyň nesillerimizi watansöýüjilik, ynsanperwerlik, halallyk ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyny belläp geçdi.

Dabaranyň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Bagşyçylyk» hünäriniň 3-nji ýyl talyby Magtymguly Rozymammedow Magtymguly atamyzyň sözlerine «Janyňdan» atly türkmen halk aýdymyny ýerine ýetirdi.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 4-nji ýyl talyby Humaý Amanowa hormatly Prezidentimiziň kitaplary halkymyza, aýratynam biz talyp ýaşlara ýol-ýörelge bolup durýandygyny aýtdy.

Dabaranyň soňunda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Bagşyçylyk» hünäriniň 3-nji ýyl talyby Pirnepesow Kerimiň ýerine ýetirmeginde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sözlerine «Ýigide» atly Türkmen halk aýdymy ýaňlandy.

Çykyş edenler söhbetleriniň ahyrynda Ata Watanymyza mundan beýläk-de gülledip ösdürmek babatda döwlet ähmiýetli işleri durmuşa ornaşdyrýan, halkymyza gymmatly eserlerini peşgeş berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.



Altyn ÝANGYÝEWA



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 3-nji ýyl talyby