TÜRKMENISTAN-BEÝIK BAŞLANGYÇLARYŇ ÝURDY


TÜRKMENISTAN-BEÝIK BAŞLANGYÇLARYŇ ÝURDY

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda kitaphananyň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň bilelikde gurnamaklarynda Türkmenistanyň Mežlisiniň deputatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalarynyň, kitaphana işgärleriniň gatnaşmaklarynda «Türkmenistan-beýik başlangyçlaryň ýurdy» atly maslahat geçirildi. Gatnaşyjylar watanymyzyň Hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly ýurt hökmünde, abraý-mertebesi barha belende galýandygy barada giňişleýin çykyş etdiler. Şeýlede kitaphana işgärleri tarapyndan «Türkmenistan jennet mekan» ady bilen giňişleýin kitap sergisi guraldy. Çäräniň dowamynda türkmen halkyny bagtyýar zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlar aýdyp, olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.