Ussatlyk mekdebi
Golaýda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Nurjan Amannepesowyň Türkmenistanyň halk ýazyjysy Beki Seýtäkowyň dürli ýyllarda ýazan eserlerine bagyşlanan «Beki Seýtäkowyň ussatlygy» atly ylmy monografiýasy çapdan çykaryldy.
N.Amannepesowyň uzak ýyllaryň dowamynda halypa ýazyjy B.Seýtäkowyň edebi mirasyny ylmy taýdan öwrenmegi netijesinde, okyjylar köpçüligine gowşan täze monografiýada onuň ussatlyk, döredijilik aýratynlyklary, eserlerindäki keşpler ulgamy hem-de ulanan çeper tärleri ylmy taýdan düýpli seljerilýär. N.Amannepesow B.Seýtäkowyň rus dilinde neşiredilen eserlerini türkmen dilindäki nusgalary bilen deňeşdirip, olaryň arasyndaky umumylygy inçelik bilen yzarlap, sada dilde okyjylara düşündirýär. Bir söz bilen aýdanymyzda, ýaşan ömrüni milli edebiýatymyzy täze eserler bilen baýlaşdyrmaga bagyşlan B.Seýtäkowyň döredijiligine bagyşlanan monografiýa ussat ýazyjynyň eserlerini ylmy taýdan öwrenmäge ýardam edýär.
Aýbibi HOJAMYRADOWA