GAÝRATYŇYZ EGSILMESIN, MERTEBÄŇIZ BEÝGELSIN!


GAÝRATYŇYZ EGSILMESIN, MERTEBÄŇIZ BEÝGELSIN!

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Gaýratyňyz egsilmesin, mertebäňiz beýgelsin!» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halky merdi merdanalyga, watansöýüjilige, adalatlylyga gadyr goýup gelen halk. Ata-babalarymyz bu asylly häsiýetleri özleriniň gahrymançylykly ömür ýollary, ýagşy göreldesi, paýhasly sözleri bilen nesilleriň aňyna guýmagy başarypdyrlar. Hut şonuň üçin-de, türkmen halky, geçmişde bolşy ýaly, häzirki wagtda hem edermen, gaýduwsyz halk hasaplanýar diýip nygtadylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Watan mukaddesligini, keremli topragymyzyň goragyny ähli zatdan ileri tutýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, döwletli tutumlarynyň rowaç almagyny arzuw etdiler.