AKYLDAR ŞAHYRA BAGYŞLANAN MIRAS
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy, Bagtyýarlyk medeniýet köşgi hem-de Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebiň bilelikde guramagynda hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly–dünýäniň akyldary» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly–dünýäniň akyldary» atly täze kitaby ýurdumyzda ýaş nesilleri watançylyk we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekde, halkymyzyň geçen asyrlardaky hem-de häzirki çeper edebiýatyna çuňňur düşünmekde ähmiýetiniň uludygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de bu kitapda beýan edilýän maglumatlar ata-babalarymyzyň paýhas, edep-terbiýe mekdebiniň ýörelgelerini çeper şöhlelendirýändigi barada hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerinde beýan edilýän gymmatly, umumadamzat ähmiýetli ýörelgeleri, dana Magtymguly Pyragynyň döredijiligindäki ynsanperwer pikirler bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy barada bellediler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň döwlet galamynyň ýiti bolmagyny, adamzadyň parahatçylygyna we nurana geljegine gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.