TÜRKMEN MILLI EL DEGIRMENLERINIŇ EDEBIÝATLARYMYZDAKY WASPY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, hoşniýetli, ynsanperwer, içeri we daşary syýasaty dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa hem-de hormata eýe bolmak bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz parahatçylygyň, asudalygyň, agzybirligiň we dost-doganlygyň ýurduna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän “Türkmenistan- parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly ajaýyp goşgusyndan ugur alnyp, şeýle hem halkymyz tarapyndan giňden goldanylan köp sanly teklipleri nazara alyp döwrümiziň şanyna şan goşjak 2025-nji ýylymyz “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylmagy ähli türkmen halkymyzy, ylaýta-da biz bagtyýar türkmen ýaşlaryny 2025-nji ýylda has-da tutanýerli zähmet çekmäge, ata Watanymyzyň şanly sepgitlere ýetmegine öz mynasyp goşandymyzy goşmaga ruhlandyrýar.
Türkmen halkynyň mähri siňen milliligi ata Watanymyz Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň has-da kämilleşdi. Şanly taryhy bize miras goýan ata-babalarymyzyň zähmeti, döredijilikli paýhasy netijesinde kemala gelen maddy we ruhy gymmatlyklarymyzyň geljekki nesillere kämil görnüşde ýetirilmegi üçin döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän täze döwrebap muzeýler gurlup ulanylmaga berilýär. Şol gurulýan muzeýler hem bagtyýar döwrümiziň medeni-ylmy ojaklary bolup durýar.
Halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny has-da çuňňur öwrenip, olara halkara ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmekde, geljekki nesillerimize ýetirmekde muzeý işgärleri tarapyndan uly işler alnyp barylýar. Türkmen muzeýleri bu gün uly ynam bilen halkara derejesine çykýar.
Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly öňden görüji syýasaty esasynda gurlup ulanylmaga berilýän her bir bina döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar. Ýurdumyzyň muzeýlerinde hem şeýle işleriň alnyp barylýandygyny görmek bolýar. Bu bolsa muzeýe gelýän raýatlarymyzda hem-de ýurdumyzyň myhmanlarynda uly täsir galdyrýar.
Ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olaryň kalbynda milli mirasymyza synmaz söýgüni döretmekde muzeýlere uly orun degişlidir.
Halkymyzyň geçmişdäki hojalygynyň iň bir uly bölegi-de hünärmentçilik ulgamydyr. Türkmen halkynyň un üweýän hojalygynyň taryhy öz gözbaşyny birnäçe müňýyllyklardan alyp gaýdypdyr. Ýurdumyzyň çägindäki gadymy taryhy ýadygärliklerde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan soky daşlary, däne owguçlary ilkinji el degirmenleriniň döremegine sebäp bolupdyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda şeýle bellenilip geçilýär˸ «Jeýtun medeniýetiniň ösen zamanynda bugdaýy iki daşyň arasynda goýup, owguçlar bilen owradan bolsalar, soňra soky, el degirmeni oýlanyp tapylypdyr. Dünýäni özgerden bu açyşlar Türkmenistanyň çäginde ýaşan taýpalaryň miladydan öňki VII-VI müňýyllyklarda ilkinji bugdaý çöregini we arpa nanyny bişirendiklerine şaýatlyk edýär» [1.s. 29-162] diýip bellenilip geçilýär.
Jeýtunda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ol ýerden örän köp mukdarda un üwemek üçin zerur bolan soky daşlary, owguçlar tapylyp öwrenildi. Alymlaryň çaklamagyna görä jeýtunlylar ilkibada bugdaýy iki daşyň arasynda goýup, çakmak daşyndan ýasalan owguçlar bilen owradypdyrlar. Soňra olaryň hojalygyna soky daşlary we el degirmenleri ornaşypdyr. [2.s. 44-67 ] Ilkinji degirmenler Türkmenistanyň çäginde biziň eýýamymyzyň I-IV asyrlarynda ýüze çykypdyr. Türkmen halkynyň arasynda degirmen- tamdyr, ojak, guýy, köpri, juwaz, jykyr ýaly zatlar bilen bir hatarda mukaddes hasaplanypdyr. Öýde ulanylan el degirmenleri iki sany degirmen daşyndan ybarat bolup, ol islendik arassa we tekiz ýerde ýerleşdirilip ulanylypdyr. Degirmeniň aşaky we ästki daşlaryna ″paý″ diýlipdir. Degirmen daşlarynyň aşaky paýynyň ortasyndan deşik edlip, ondan hem togalak agaç geçirilipdir. Daşky görnüşi boýunça ol agaç togalak bolandygy üçin, oňa ″top″ ýa-da ″topaz″ hem diýlipdir. Degirmeniň ýokarky daşynyň ortasyndan bugdaý guýmak üçin deşik edilipdir we ol deşige ″dol″ diýlipdir. Şol doluň içinde bolsa keseligine ortasy deşik agaç goýlupdyr, ol agaja ″tegek″, ″pilek″ käbir ýerlerde bolsa ″jykyryk″ hem diýlipdir. Tegek dänäni kadaly guýmak üçin ulanylypdyr. El degirmeninde ″süýbek″ atly örän möhüm bir gural bolupdyr. Onuň aşagy degirmeniň aşaky daşynyň deşigindäki top agajyna direlipdir, ýokarsy bolsa tegegiň ortasyndaky deşige geýdirilipdir. Şeýlelikde, ýokarky daş tegege geýdirilen süýbegiň daşyndan aýlanýan bolupdyr. Ýokarky daşyň bir gapdalynda tutawaç edilip, şonuň kömegi bilen ýokarky daş aşaky daşyň üstünde aýlanypdyr.[ 3.s. 64]
Ýokarky daşyň aşagy we aşaky daşyň ýokarsy un üwär ýaly, ýörite ýasalan iki tarapy hem tapkeşli polat çekiç bilen–metin ýa-da küdüň, ýa-da çoýundan guýlan köne ýerdemir bilen urlup, büdür-südür edilip, diş çykarylypdyr. Bu barada türkmen klassyk poeziýamyza uly goşant goşan şahyr Myrat Talyby şeýle belläp geçýär˸
«Daş asyýa bolmaz küdüň urmasaň,
Hiç kemal iş tapmaz köňül bermeseň».
***
El degirmeniniň iş öndürijiligi, işlemek üçin amatlylygy, ilkinji nobatda, onuň ýasalan daşyna, soňra bolsa ony ýasan ussanyň ussatlygyna, siňdiren zähmetine bagly bolup durýar. Bulardan başga-da bu ýerde degirmeni işledýän zenanyň hem güýç-kuwwaty hem göz öňünde tutulmagy gerekdir. Degirmenleriň ähli görnüşlerini ýasamak üçin ýurdumyzyň çäginde duş gelýän daşlar, esasanda- Balkan, Köpetdag, Köýtendagynyň daşlary peýdalanylypdyr.
Degirmeni işledenlerinde sag el bilen çepden saga aýlaýan ekenler. Bugdaýy çep el bilen ýokarky daşyň bogazyna guýupdyrlar. Arassa un almak üçin degirmeni haýal aýlamaly bolupdyr. Eger-de degirmeni çalt aýlasaň, bugdaý una doly öwrülmän, ýarym-ýarty döwlüp çykýan ekeni. Degirmeniň daşlaryny aýda iki-üç gezek dişemeli bolupdyr. Türkmenlerde degirmeni işledýän adama kilwan diýlipdir. Suw degirmenlerinde un üwedilende towza haky hem berilýän ekeni. Kä halatlarda ol tölegiň mukdary üwelýän bugdaýyň ýigrimiden bir bölegine deň bolupdyr.
Kilwan–bu degirmende un üwemek işinde işleýän işçi, degirmençi adama aýdylypdyr.
Bulardan başga-da türkmen halk döredijiliginde degirmen we degirmeniň daşlary bilen bagly birnäçe nakyllar, tapmaçalar hem bardyr. Olara mysal getirip aýtsak:
«Arkasynda agzy bar
Ortasynda many bar
Diriligiň çeşmesi
Bolup biljek baly bar» (degirmen)
***
ýa-da
«Bir guşjagaz uçup dur
Töweregine seçip dur» (degirmen)
***
-ýaly tapmaçalary aýtmak bolar. Bulardan başga-da birnäçe lälelerde, monjugatdylarda we aýdymlarda degirmende un üwemekligiň gaty kyn işdigi hakynda bellenilip geçilýär:
««Degirmeniň ak daşy,
Akar gözümiň ýaşy.
Daňdan ukym aldyrman,
Säher ýelin çaldyrman,
Baş ýassygym degirmen,
Ýan düşegim kendirik,
Elim gitmez sapyndan,
Gözüm gitmez topundan.»
***
Şeýle hem halk arasynda meşhur bolan «Görogly» şadassanymyzda hem Agaýunus periniň sözlän käbir namalarynda hem degirmen barada aýdylanlary görmek bolýar:
«Ahy zarym dag başyny ereder,
Gözde ýaşym suw degirmen ýöreder,
Syna dagly Agaýunus peridir,
Aýlanaýyn atyň bilen özüňden»
***
Hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen biziň günlerimiz toý-baýramlara utgaşyp, üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzda türkmen halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagy, halal zähmet çekmegi, öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilip berilýär. Täze döwrebap gurulýan jaýlarda ýaşaýan her bir türkmen maşgalasynyň mukaddes ojagynyň dulunda ak sallançaklar, saçagynda bolsa gün kimin lowurdap duran türkmen milli çöregimiz , bugdaýdan, jöwenden taýýarlanýan türkmen milli datly-tagamlarymyz halkymyzyň eşretli zamanada ýaşaýandygynyň şaýadydyr.
Güneşli diýarymyzda ynsan durmuşyny gözellige öwürýän, medeniýete we sungata uly üns berýän we bu ugurda tagallalaryny gaýgyrmaýan jemgyýetimiziň jebisligi, halkymyzyň röwşen geljegi ugrunda yzygiderli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de peder ýoluny, beýik başlangyçlary bilen mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür, döwletli tutumlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!