Kitap — hazyna
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň 12-nji jildiniň halkymyza gowuşmagy aýratyn buýsandyryjy waka boldy. Golaýda ýurdumyzda giňden bellenilip geçilen Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramçylygynyň öňüsyrasynda çapdan çykan bu kitap mähriban halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy. Mähriban halkymyzyň saglygyny goramak, abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, güneşli Diýarymyzda halkymyza dermanlyk häsiýetleri bilen belli bolan melhem ösümlikleriň örän köp görnüşleri ýetişýär.
Hormatly Prezidentimiziň şol ösümlikleriň ynsan saglygyna peýdalary baradaky gymmatly maglumatlary özünde jemleýän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň täze jildi hem ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, şeýle hem ähli ildeşlerimiz üçin möhüm ähmiýetli gollanma bolup durýar. Ýurdumyzyň döwrebap hassahanalarynda, Saglyk öýlerinde we şypahanalarda bu gymmatly kitap esasynda taýýarlanylan melhem çaýlar we dermanlyk otlar raýatlarymyzyň saglygyny goramakda häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň gazananlary bilen bilelikde utgaşykly peýdalanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda beýik ösüşlere eýe bolýan ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk hem kämilleşdirmekde möhüm ädim bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň täze sanynyň giň okyjylar köpçüligine gowuşmagy halkymyzyň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy.
Oguljennet PAŞYKOWA