«Aşgabat» myhmanhanasy barada maglumat


«Aşgabat» myhmanhanasy barada maglumat



“Aşgabat” myhmanhanasy 15 gatdan ybarat bolup durýar. Myhmanhana 1 956 orunlyk bolup 738 sany otagy bar.
«Otaglar ýokary hilli tehniki enjamlar bilen üpjün edilen. Otaglarda ýazuw stoly, mini bar, geýimler we goşlar üçin mebeller, VIP otaglarda goşmaça jakuzi wannasy we kiçi naharhana, gyzdyjyjy enjamlar bilen üpjün edilen. Mümkinçiligi çäkli adamlar üçin niýetlenen otaglarda ýiti uçly we jana howply enjamlar oturdylmadyk, Ähli otaglar arassaçylyk esbaplary, uly we kiçi süpürgiçler, ýeňil aýakgaplar bilen üpjün edilen.


“Aşgabat” myhmanhanasynyň 1-nji gatynda 500 orunlyk milli, daşary we Ýewropa ýurtlarynyň tagamlaryny taýýarlaýan restoran, 500 orunlyk köp ugurly mejlisler zaly ýerleşdirilen. Ol zalda ýygnaklary, maslahatlarry, ýokary derejede, halkara ülňülerine laýyklykda geçirmek üçin 2 sany tehniki enjamlary bilen doly üpjün edilen terjime otaglary bar. Zala ýanaşyk kofe-breýk we arakesme naharlar üçin özbaşdak aşhana ýerleşýär. Mundan başga-da, 112 orunlyk Lobbi bary, billiard otagy, daşary ýurt pullaryň alyş-çalyş nokady, basseýn, fitnes zaly, 1 sany türk hammamy, sauna, (aýallar, erkekler) üçin niýetlenen dellekhanalar, dükanlar, milli egin-eşik, şaý sepleri, sowgatlyk dükany bar. Myhmanhananyň 15-nji gatynda 142 orunlyk Skaý bary ýerleşýär.


“Aşgabat” myhmanhananyň Restorany bellenen tertipde 08:00-dan 23:00-a çenli aralykda, myhmanlary kabul ediş, hyzmat ediş, kir ýuwýan, tehniki bölümi gorag bölümleri bolsa dört çalşyk esasynda 24 sagat işleýär. Myhmanhananyň bahalary amatly bolup, onda myhmanlaryň rahat hem-de asuda dynç almagyna we işlemegine ähli zerur şertler döredilendir.