Arheologiýa ylmy: ýetilen sepgitler we aýdyň wezipeler


Arheologiýa ylmy: ýetilen sepgitler we aýdyň wezipeler



Hormatly Prezidentimiziň tassyklap beren «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018-2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän taryhy-medeni we arheologiýa ýadygärlikleriň birbada 12-sinde ylmy-barlag, gazuw-agtaryş, rejeleýiş we dikeldiş işleri gyzgalaňly alnyp barylýar.
Möwsümleýin geçirilýän ylmy gözlegleriň netijesinde şanly taryhymyzyň henize çenli mälim bolmadyk täze sahypalary dikeldilýär.
Şonuň bilen baglylykda, ýüze çykarylan taryhy tapyndylary ylmy taýdan seljerme işlerine daşary ýurtly hünärmenler hem yzygiderli gatnaşdyrylýar. Gazanylan netijeler boýunça ylmy maslahatlar, döwrümiziň şertlerine laýyklykda sanly wideoaragatnaşyk arkaly ylmy duşuşyklar guralýar.
2020-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň binasynda daşary ýurtly we türkmen arheologik ekspedisiýalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda «Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň medeni mirasyny öwrenmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki ähmiýeti» atly sanly wideoaragatnaşyk arkaly ylmy duşuşygy geçirdi.

Bu halkara çäresine Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň we onuň garamagyndaky taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary we hünärmenleri, muzeý işgärleri Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary we talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Halkara ylmy maslahata türkmen hünärmenleri bilen birlikde Russiýa Federasiýasynyň, Italiýanyň, ABŞ-nyň, Fransiýanyň, Beýik Britaniýanyň we Ispaniýanyň belli ylmy ojaklarynyň arheolog alymlary gatnaşdy.
Maslahata gatnaşan alymlar ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini ylmy taýdan öwrenmekde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti», «Medeniýet – halkyň kalbydyr», «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ylmy-ensiklopedik kitaplarynyň ýolgörkeziji gollanma bolup durýandygyny tekrarladylar.
Maslahata gatnaşanlar milli baýlyklarymyzy öwrenmekde we aýawly saklamakda giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyşlar aýtdylar hem-de milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagy arzuw etdiler.