PUDAGARA TOPARYŇ MEJLISI


PUDAGARA TOPARYŇ MEJLISI

14-nji fewralda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine toparyň 2024-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijelerini hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda öňde goýlan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak meseleleri girizildi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe döwletliligi pugtalandyrmaga, jemgyýeti demokratiýalaşdyrmaga, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirildi. Türkmenistanyň hukuk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak hem-de adam hukuklarydyr azatlyklary babatda halkara borçnamalaryny iş ýüzünde amala aşyrmak, bu ugurda degişli Hereketleriň milli maksatnamalarynyň we meýilnamalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak pudagara toparyň işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG-niň düzümleri bilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygy nygtaldy. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiziň 7-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, adam hukuklaryny üpjün etmek, halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryny durmuşa geçirmek ulgamynda bu toparyň, döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýerine ýetirmeli işleriniň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gün tertibine laýyklykda, «Türkmenistanda halkara ynsanperwer hukugynyň çäreleriniň 2024—2028-nji ýyllar üçin meýilnamasynyň» ýerine ýetirilişiniň barşy barada habar diňlenildi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde halkara ynsanperwer hukugy möhüm orny eýeleýär. Şunda adam hukuklarynyň goralmagyna we çagalaryň hukuklarynyň üpjün edilmegine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý halkara federasiýasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek baradaky meselä garaldy. Türkmen halkyna mahsus bolan asylly ynsanperwer ýörelgelerden hem-de halkara ynsanperwer hukugy ulgamynda hyzmatdaşlygyň toplanan tejribesinden ugur alyp, mejlise gatnaşyjylar degişli kadalary amala aşyrmak üçin umumy ykrar edilen we milli hukuk gurallaryny kämilleşdirmek bilen bagly soraglary ara alyp maslahatlaşdylar.

«Türkmenistan» gazeti