PARAHATÇYLYGY, HOWPSUZLYGY WE HYZMATDAŞLYGY PUGTALANDYRMAK-BITARAP TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIÝASYNYŇ BAŞ MAKSADY
18-nji fewralda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: halkara gatnaşyklary berkitmekde diplomatiýanyň orny» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, milli diplomatik gullugyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar.
Institutyň eýwanynda türkmen diplomatiýasynyň, bu ýokary okuw mekdebiniň döredilmeginiň taryhyna bagyşlanan sergi guraldy. Onda daşary döwletleriň ilçihanalarynyň we halkara guramalaryň diwarlyklaryna hem orun berlipdir.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hünär baýramy mynasybetli diplomatik işgärlerimize iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklar ulgamynda oňyn Bitaraplyk, deňhukukly hyzmatdaşlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerip gelýändigi bellenilýär. Geçen ýyllarda bu ugurda toplanan tejribeler Bitaraplyk syýasatynyň milli bähbitlerimize hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň asylly maksatlaryna doly laýyk gelýändigini görkezdi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny degişli Kararnamalar bilen iki gezek ykrar etmegi munuň aýdyň güwäsidir. «Häzirki döwürde halkara gatnaşyklaryň has-da ösmegine, ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer daşary syýasatymyz ulgamlaýyn esasda durmuşa geçirilýär. Bu ugurdaky möhüm wezipelerimiz «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» giňden beýan edilýär» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Türkmenistanyň milli bähbitlerini goramak, ýurdumyzyň dünýä syýasatynyň wajyp meseleleri boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek, onuň dürli döwletler we halkara guramalar bilen dostlukly, açyk we köpugurly hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek boýunça diplomatik gullugyň öňünde uly wezipeler durýar. Bu babatda türkmen diplomatlarynyň ussatlygyna, tejribelerine aýratyn orun degişlidir.
«Türkmenistan» gazeti