PARAHATLYK WE YNANYŞMAK–ÝURDUMYZYŇ ÝÖRELGESI


PARAHATLYK WE YNANYŞMAK–ÝURDUMYZYŇ ÝÖRELGESI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Döwlet kitaphanasy, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimligi bilen bilelikde 2025-nji ýylymyzyň «Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Parahatlyk we ynanyşmak–ýurdumyzyň ýörelgesi» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler Parahatçylyk söýüjilige esaslanýan aýdyň maksatlary,alyp barýan ynsanperwer syýasaty bilen dünýäde giňden tanalýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, köptaraply başlangyçlary bilen uly üstünliklere we ösüşlere beslenýär.Ýurdumyz oňyn bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek bilen,netijeli hyzmatdaşlygyň, özara gatnaşyklaryň berkidilmegine, sebitde hem-de dünýäde durnukly ösüşiň gazanylmagyna uly goşant goşulýar diýip, giňişleýin söhbet etdiler.

Çykyş edenler baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.