Kerwensaraýyň peştagy
«Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çäginde arheologiýa, binagärlik ýadygärlikleriniň aglabasy jemlenipdir. Bu toplumyň arheologiýa ýadygärliklerinde gazuw-barlag we rejeleýiş-berkidiş işleri yzygiderli ýerine ýetirilýär. Olaryň arasynda hem XIII-XIV asyrlar bilen senelenýän «Kerwensaraý» peştagy ýerleşýär. Bu ýadygärligi öwrenen alymlaryň pikirine görä haýsydyr bir köşgüň galyndysy bolmagy mümkin diýen pikirler hem bar. Bu sowala jogap tapmak üçin birnäçe ýyl bäri Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň alymlary, hünärmenleri tarapyndan köp işler amala aşyryldy. 2020-nji ýylyň ýaz möwsüminde diwaryň we günbatar tarapynda täze peştagyň galyndysy, sütünleriň binýatlary (baza) ýüze çykaryldy. Gazuw-barlag işleriň dowamynda ýüze çykarylan diwaryň köp bölegi saklanmandyr. Ýüze çykarylan täze peştagyň saklanan beýikligi 1,80 metr barabardyr. Sütünleriň binýatlary mramordan we dag daşlaryndan ýonulyp ýerine ýetirilipdir. Gazuw-barlag işleriň dowamynda üsti açylan diwarda we täze peştagda Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hem-de «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň, Ýöriteleşdirilen ylmy-rejeleýiş önümçilik ussahanasynyň alymlary, hünärmenleri bilen bilelikde rejeleýiş-berkidiş işlerine girişildi. Rejeleýiş-berkidiş işlerini ýerine ýetirmek üçin zerur bolan kerpiçler eýlenen palçykda elde taýynlanyldy. Taýynlanylan kerpiçler Ýöriteleşdirilen ylmy-rejeleýiş önümçilik ussahanasynyň küresinde bişirilip taýynlanyldy. Şol taýynlanan kerpiçler esasynda ýüze çykarylan diwary 1,70 metre çenli galdyryldy. Täze peştagynyň ýiten bölekleri berkidilip, onuň beýikligi 1,85 metre çenli taýynlanylan kerpiçler bilen örüldi.
Ýöriteleşdirilen ylmy-rejeleýiş önümçilik ussahanasynyň hünärmenleri tarapyndan ýene-de kerpiçler taýynlanylyp häzirki wagtda Kerwensaraýyň peştagy arhitektura ýadygärliginde rejeleýiş-berkidiş işleri dowam edýär.