DOST-DOGANLYGY ÖSDÜRÝÄN DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY


DOST-DOGANLYGY ÖSDÜRÝÄN DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda türkmen şekillendiriş sungatymyzy we bu ugurda bilim alýan talyp ýaşlarymyzyň döredijilik ukybyny we başarnygyny ösdürmek maksady bilen, Türkmenistan ýurdumyzyň köp ýyllardan bäri dostlukly gatnaşyklary saklap gelýän Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý Sungat eserleriniň ýygyndysy muzeýiniň direktory jenap Hu Musziniň we şol muzeýiniň Halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygy Mao Siweiniň gatnaşmagynda duşuşyk sapary boldy. Hormatly myhmanlar sungat ojagymyzda alnyp barylýan okuw, bilim, ylym we döredijilik işleri bilen içgin tanyşdyryldy.