«AK KEPDERI–PARAHATÇYLYGYŇ ILÇISI» ATLY ZEHINLI TALYPLARYŇ DÖREDIJILIK SERGISI
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli «Ak kepderi–parahatçylygyň ilçisi» atly zehinli talyplaryň döredijilik sergisi geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Birleşen Milletler guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny» wasp edýän talyp ýaşlaryň ajaýyp eserlerini synlamaga Aşgabat şäheriniň mekdebe çenli çagalar bagynyň körpeleri hem-de orta mekdepleriň başlangyç synp okuwçylary özleriniň terbiýeçileri we mugallymlary bilen gatnaşdylar. Türkmenistanyň Gahrymany, halypa heýkeltaraş Saragt Babaýewiň häzirki zaman binagärligimiziň şekil taslamalarynda we şekillendiriş sungatynda parahatçylygymyzy wasp edýän sungat eserleriniň mazmuny barada mekdep okuwçylaryna gyzykly gürrüň berdi.
Döredijilik sergide Watanymyzyň täze taryhynyň beýik ösüşlerini wasp edýän sungat eserleri görkezildi. Aýratynam ýurdumyzyň parahatçylygyny, asudalygyny, ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň bagtyýar çagalygyny, gözel tebigatymyzyň waspyny edýän sungat eserleri ýaş nesillerimizde uly täsir galdyrdy.
«Ak kepderi–parahatçylygyň ilçisi» atly zehinli talyplaryň döredijilik sergisi ýaş nesillerimizi watansöýüjilik, jebislik, agzybirlik ruhunda terbiýelemekde ähmiýetli mekdep bolup durýar.


