WIKTOR SARIANIDI


WIKTOR SARIANIDI

MARGUŞ

Beýik medeniýetiň syrlar dünýäsi we onuň hakyky keşbi

Marguşyň daş mozaikalary

Geçen asyryň 90-njy ýyllarynda Demirgazyk Goňruň köşgünde gazuw-agtaryş işleri geçirilen mahaly jaýlaryň käbirinde gipsden ýasalan mozaikaly düzümler (wstawkalar) tapyldy. Şondan öňräk Goňur gonamçylygynyň kameraly mazarlarynda ýüz görülýän aýnalary, beýleki gymmatly zatlary saklamak üçin ulanylýan gapjagazlar tapyldy. Olaryň daşy geometrik mozaikalar bilen bezelipdir. Bularyň ählisi marguşlylara mozaika bezeg usullarynyň mälim bolandygyna şaýatlyk edýär. Munda geň görüp oturasy zat ýok, çünki Mesopotamiýada mozaikalar eýýäm biziň eýýamymyzdan ozalky IV müňýyllykda edilipdir. Olar ýarym gymmat baha daşlardan ýasalan, önümleriň ýa-da desgalaryň detallaryny bezän geometriki düzümler görnüşinde bolupdyr. Olar biziň eýýamymyzdan ozalky II müňýylygyň bütin dowamynda ulanylyp gelipdir. Tigr we Ýewfrat derýalarynyň arasyndaky düzlükde ýerleşýän monumental binalaryň köpüsiniň ýüz tarapy olar bilen bezelipdir. Bu tehnika biraz gijiräk hem ulanylypdyr (Kişedäki mozaika). Şundan çen tutsaň, Goňruň diwar mozaikasy hem hut şu döwre degişlidir, emma marguş kompozisiýalaryna meňzeş mozaikalar Mesopotamiýada tapylmady. Demirgazyk Goňruň birinji patyşa mazarynda gazuw-agtaryş işleri geçirilende, daş mozaikalary ýüze çykaryldy. Olar talanan 3200-nji mazarda asyrlaryň dowamynda ýygnanan çägäniň içinden döküldi. Üçburçluklardan, kwadratlardan we tegeleklerden başga-da, dökülen mozaikalaryň düzüm bölekleri aýlaw we çylşyrymly figuralar görnüşinde bolupdyr. Bir mahallar olaryň ajaýyp nagyş kompozisiýalary bolandygy aýdyň görünýär. Şol kompozisiýalar alym üçin hakyky tapmaça öwrüldi.

Diwarlaryň birinde uly bolmadyk mozaika böleginiň tapylmagy biziň çaklamalarymyzy tassyklady. Diwaryň ýüzi birkemsiz suwalypdyr, hut şonuň üstüne nähilidir bir gyzyl reňkli ýelim serişdesiniň kömegi bilen tegelegiň bir bölegini emele getiren mozaikalaryň birnäçesi berkidilipdir. Şol mazaryň howlusynda ýekegapanyň kellesi şekillendirilen gips bölegi tapyldy. Onda gara reňk bilen haýwanyň ýüzüniň ownujak detallary çekilipdir. Beýleki patyşa mazarlarynda, aýratyn hem 3210-njy guburda geçirilen gazuwagtaryş işleri gadymy goňurlylaryň ussatlygynyň ýokary derejede bolandygyny görkezýän örän täsin materiallar tapyldy. Şu mazarda, poldan 1,5 metr belentlikde çylşyrymly çeperçilik kompozisiýalary ýerleşipdir. Olaryň arasynda ýallary hüžžerip duran ganatly ýolbarslar şekillendirilen, uzynlygy 86 santimetr bolan friz hem bar. Her bir ýolbarsyň burnunyň üstünde şahy we sakgaly görünýär. Guýrugy arkasyna düýrlenen, şeýle hem burnunyň üstünde şahy we ujy ýitelip gidýän sakgaly bolan ýene-de bir sany ganatly ýolbarsyň şekili tapyldy. Hyýaly haýwan özüniň kuwwatly muskully aýaklaryna daýanýar. Şeýle jandarlaryň aýratyn kelleleri 3235-nji mazardan hem tapyldy. Olaryň iň ulusy ak mermerden edilipdir. 3210-njy mazarda saklanyp galan mozaika frizleriniň arasynda şahly keýikleri ýuwudýan ýylanlar hem bar. Megerem, şuňa meňzeş kompozisiýalar 3230-njy we 3235-nji mazarlaryň diwarlarynda hem bolandyr. Ýöne biziň günlerimize olaryň diňe aýry-aýry bölekleri gelip ýetipdir. Şeýle mahluklaryň şekilleri Baktriýada, aýratyn hem Elamda giňden ýaýrapdyr. Olar ýerli demonologiýada aýratyn elam-baktriýa stilini düzüpdir. Şeýle inçe sakgally we şahly aždarhalar daş, köp halatdarda steatit önümlerde suratlandyrylypdyr. Olar Awestanyň Srwarasyny–gadymy rowaýatlardaky şahly aždarhany ýatladýar.

Baktriýanyň we Marguşyň dört aýakly aždarhalarynda ýolbarsyň we ýylanyň alamatlary bar. özi-de, olaryň boýunlary teňňeler bilen örtülip, akkad döwründe (biziň eýýamymyzdan ozalky III-II müňýyllyk) Mesopotamiýada döredilen şeýle şekillere örän meňzeşdir. Şunuň ýaly aždarhalary öwrenmäge uly üns beren fransiýaly professor M.Potýe şol ikonografiýa usulynyň Mesopotamiýadan Merkezi Aziýa çenli ýol açandygyny tassyklaýar. Görnüşi ýaly, ot iýýän haýwanlary ýuwudýan ýylanlar temasy ýerli taýpalarda örän meşhur bolupdyr we marguşly ussalaryň döredijiliginde ýygy-ýygydan ulanylypdyr. Ýylan görnüşli personažlar goňşy Baktriýada hem giňden ýaýrapdyr we bu gadymy ýurduň amaly-haşam sungatynda köp duş gelýär. Marguşda mozaikalaryň üsti polihrom nakgaşlygy bilen ýetirilýär. Şeýle çeperçilik usulyna ilkinji gezek diýen ýaly Merkezi Aziýanyň gadymy sungatynda bellige alyndy. Bir zady anyk aýtmak bolar: Goňruň ýygyndy mozaikasy Gadymy Gündogaryň şekillendiriş sungatynyň taryhynda öň mälim bolmadyk täze sahypany açýar. Baktriýa-marguş sfragistikasynda we gliptikasynda ýylan aždarhalar we ganatly, dört aýakly, sakgally ýekeşahlylar meşhur bolupdyr. Olar Baktriýanyň mozaikaly pannolarynda we örän täsin kümüş möhürleriniň birinde suratlandyrylypdyr.

3210-njy patyşa mazaryndaky mozaika şekilleriniň temasy we obrazlary, gürrüňsiz, Alynky Aziýa sungatyna degişlidir. Şahly we sakgally şeýle ýylan aždarhalar Baktriýanyň daş gutujyklarynyň hem birnäçesini bezeýär. Şunuň bilen baglylykda Baktriýada tapylan, häzir bolsa Nýu-Ýorkuň Metropoliten – muzeýinde saklanylýan, kümüşden ýasalan we altyn çaýylan, dabaralarda ulanylýan palta uly gyzyklanma döredýär. Şol palta ýekegapan we ganatly mahluk bilen göreşýän iki sany bürgüt kelleli, ganatly adam görnüşinde ýasalypdyr. Elam ýurdy şeýle baktriýa-marguş we mesopotamiýa hyýaly mahluklaryň arasyndaky ortalyk nokady bolup durýar. Şahly we sakgally mahlugyň kellesi görnüşinde ýasalan, dabarlarda ulanylýan paltanyň onuň çäginden tapylmagy hem muňa şaýatlyk edýär. Ähli deliller sakgally ýekeşahlylaryň Elam stiline degişlidigini görkezýär. Baktriýada we Marguşda olar gaýtadan işlenilen görnüşinde, köp halatlarda sakgally we şahly ýylan aždarhalaryň keşbinde ýaýrapdyr. 3210-njy mazardan tapylan diwar mozaikalarynyň arasynda ganatlaryny gerip duran, ýöne hemişe kellesiz bürgütleriň mozaika şekilleri tapawutlanýar. Babyryň gipsden ýasalan iki sany kellesiniň tapylmagy hem mozaika sungatynyň giňden ýaýrandygyna şaýatlyk edýär. Umuman, Goňruň mozaikalaryny taýýarlamak üçin mazarlaryň diwarlaryna ýelimleýji serişde çalnypdyr. Soňra onuň ýüzüne öňden taýýar edilip goýlan dürli şekilli mozaika plastinkalary berkidilipdir. Beýleki bir tarapdan, has ýuka we çylşyrymly kompozisiýalaryň ýüzüne kleý çalnan agaç plitkalarda jemlenendigini, soňra bolsa mazaryň diwarlaryna berkidilendigini çaklamak bolar. Mysal üçin, 3220-nji mazardan, dürli çuňlukda pipala diýen hindi ösümliginiň ýürejik görnüşindäki ýapraklaryndan taýýarlanan birmeňzeş mozaika kompozisiýalary tapyldy. Ýapraklaryň köpüsiniň ölçegi 5×6 santimetre deň bolupdyr. Olar bir hatara ýerleşdirilipdir. Ýürejikleriň merkezi bölegi açyk gyzyl reňk bilen reňklenipdir. Fragmentleriň iň uzyny 50 santimetr bolupdyr. Mozaika bölekleriniň köpüsiniň arka ýüzünde suwagyň gatap galan yzlary galypdyr. Käbir ýerlerde mozaikanyň arasynda ownujak agaç bölejikleri saklanyp galypdyr. Olar mozaikalary taýýarlamagyň prosesini gaýtadan dikeltmäge mümkinçilik berdi. Görnüşi ýaly, agaç esasa berkidiji suwag çalnypdyr, oňa öňden kesilip taýýar edilip goýlan ýaprajyklar ýelmeşdirilipdir. Soňra mozaika reňklenipdir we jaýlaryň diwarlaryna berkidilipdir. 3220-nji mazarda jaýlanan erkek kişiniň jesediniň üstünde iki sany kerpiçde duran 1.0×0,6×0,6 metr ölçegli uly agaç sandyjak (ýa-da guty, peşgeş saklanylýan) mozaikalaryň agaç esasda berkidilip we agaç zatlaryň bezegi bolup biljekdigine şaýatlyk edýär. Sandyjagyň düýbi we gyraňly diwarlary hem pipalanyň ýapragy görnüşli kompozisiýalar bilen bezelipdir. 3230-njy mazarda jaýlanan zenanyň üstünde goýlan peşgeş saklanylýanyň düýbi we gyraňly diwarlary iç tarapyndan haly nagyşlary bilen bezelipdir. Şol mazarda diwar bezegleri saklanyp galmandyr. Megerem, mazar ogrular tarapyndan birnäçe gezek talanandyr. Ýöne bize olaryň guşuň (sülgüniň?) kellesi görnüşindäki bölekleri, agzalyp geçilen grifonlaryň we ýylanlaryň kelleleriniň bölejikleri, daglary ýatladýan üç bölekli detallaryň göwrümli fragmenti gelip ýetipdir.

Ak daşdan we gipsden edilen dürli görnüşli mozaika düzümleri 3235-nji mazardaky kompozisiýalary düzüpdir. Agzyny açyp duran aždarhanyň mermer kellesi, ýylanyň kellesiniň ýokary bölegi, nagyşlary boýunça şumer eşiklerine meňzeş sýužetleriň bölekleri-bularyň ählisi mazaryň merhum jaýlanylanda onuň ýanynda goýulýan zatlaryň saklanýan otagynyň oňat bezelendigine şaýatlyk edýär. Şol «merhumlar öýünde» uly bolmadyk agaç sandyjak tapyldy. Onuň toýun galyndylarynda mozaiki bezeg saklanyp galypdyr. Şol bezeg mämişi reňkdäki, «böwrek» görnüşindäki nagyş elementlerinden ybarat bolupdyr. Olaryň arasyna ak gipsden ýasalan bölüjiler ýerleşdirilipdir. Goňşy jaýyň diwarlarynda hem şeýle nagyş lentalara duş gelindi. Goňur mozaikalarynyň özlerine adam şekillerini hem birleşdiren bolmagy mümkin. Mysal üçin, patyşa gonamçylygynyň çäginde ýerleşen 3245-nji kameraly mazarda meşhur portretiň üsti açyldy. Şol portretde uly gara gözli zenanyň gapdaldan görnüşi suratlandyrylypdyr. Onuň golaýynda buýra saçlaryň burumy ýa-da gulakhalka şekillendirilipdir. Bölekleýin saklanyp galan portretiň galan böleginde egninden aşak düşüp duran uzyn gara saçlar, şeýle hem gyzyl reňkdäki lybaslaryň eplemleri şekillendirilene meňzeýär. Mozaikaly pannolar düzülende köp dürli galyplaryň ulanylandygyny tekrarlamaga doly esas bar. Goňruň gonamçylygyndaky daş haşamlaýjy ussanyň mazarynda faýans galyplaryň ýa-da taýýar ölçegleriň tapylmagy munuň subutnamasydyr. Mundan başga-da, käbir mozaika düzümleriniň arka ýüzünde, aýratyn hem çylşyrymly – sýužet kompozisiýalarynda (mysal üçin, ganatly grifonlaryň, ýylanlaryň we beýlekileriň) ýörite aňlatmalar–tegelejikler, çyzyklar, «ýürejikler» bolupdyr. Bularyň ählisi ussalara mozaikalary öz ýerinde tertiplije ýerleşdirmäge ýardam eden bolmagy mümkin. Şeýlelikde, Goňruň patyşa gonamçylygynda geçirilen gazuwagtaryş işleri gadymy marguşlylaryň sungatynyň nä derejede ösendigini görkezdi. Nakgaşlyk elementleri bolan şeýle köp dürli mozaikalary entek şu wagta çenli ýadygärlikleriň ýekejesinde-de, şol sanda dünýä medeniýetiniň gadymy ojaklary bolan Mesopotamiýada we Müsürde hem tapmak başartmandy.