HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «MAGTYMGULY–DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY» ATLY TÄZE ÝAZAN KITABYNY TALYP–ÝAŞLARYŇ ARASYNDA WAGYZ ETMEK
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda «Aşgabat» teleýaýlymyň döredijilik topary bilen bilelikde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň söwda kooperatiw mekdebinde, hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly–dünýäniň akyldary» atly kitabynyň giň okyjylar köpçüligine gelip gowuşmagy mynasybetli talyp ýaşlarynyň arasynda söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenlerimiz bu ajaýyp kitabyň many-mazmuny, bölümleriniň aýratynlygy barada tasirli gürrüňler berdiler. Mundan başga-da talyplar dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna düzülen birnäçe aýdymlary aýdyp berdiler. «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen şygar bilen atlandyrylan ýylymyzda uly dabaralara beslenjek hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp geçiriljek medeni-köpçülik çäreleri barada buýsançly gürrüňler edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda gyzyldan gymmatly eserleri döredip, halkymyza sowgat edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
