MEKDEPLERDE HIMIÝA WE BIOLOGIÝA DERSLERI BOÝUNÇA OKUWÇYLARA DAŞYNDAN OKAMAK ÜÇIN GOLLANMALAR
Türkmenistanyň medeniýet ministrligi we bilim ministrligi bilen tassyklanan meýilnama esasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy «Beýik Serdar nesilleri» adyndaky 75-nji orta mekdebinde «Mekdeplerde himiýa we biologiýa dersleri boýunça okuwçylara daşyndan okamak üçin gollanmalar» ady bilen göçme sergisini hem-de 8-12-nji synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Şu güni we geljegi birleşdirýän mekdep» ady bilen söhbetdeşlik hem geçirdiler.
Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri, şeýle-de himiýa hem biologiýa dersleri bilen bagly edebiýatlar ýerleşdirildi. Mekdep okuwçylary bu sergide ýerleşdirilen edebiýatlary görüp, özlerine gerek bolan maglumatlary alyp bildiler. Söhbetdeşligiň dowamynda okuwçylar Döwlet kitaphanasyna nähili ýagdaýda baryp, ýazylyp, kitap okap bolýandygy barada gyzyklandylar. Kitaphana hünärmenleri olara takyk maslahatlary berdiler.