TÜRKMENISTAN–PARAHATÇYLYGYŇ, DOSTLUGYŇ WE BEÝIK ÜSTÜNLIKLERIŇ ÝURDY


TÜRKMENISTAN–PARAHATÇYLYGYŇ, DOSTLUGYŇ WE BEÝIK ÜSTÜNLIKLERIŇ ÝURDY

Aşgabat şäher medenýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebi bilelikde gurnamagynda 2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli «Türkmenistan–parahatçylygyň, dostlugyň we beýik üstünlikleriň ýurdy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda parahatçylyk we ynanyşmak biri-biri bilen aýrylmaz baglanşykly iň gymmatly düşünjeler bolup ol häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülendigini uly buýsanç bilen gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahyman Serdarymyza alkyş sözlerini buýsanç bilen beýan etdiler.